Messepsiz
Meseläni döredenler birleşip,
mesele ýok ýerde, messebin iýip,
çözjek bolsa ony messepsiz ýene,
men däl, başga biri günäkär diýip,
şol bir suwa girjek bolýan adamdyr,
otuz ýyl geçirip, akan suwlary,
yzyna akdyryp, diňe suwy däl,
yzyna gonduryp uçan guwlary...