Oýnatgy

Ýokarlardan, ýa aşakdan, parhy ýok,
ýa daş çykyp, kesesinden ýylgyryp,
ili oýnan bolýan diňe ilin däl,
ezilen il bilen oýnar özüni,
beýik bolan bolup, baý bolan bolup,
daga, depä, ýokarlaryk çykaryp,
aýdylyşy ýaly, asyp asmandan,
ýa hakyky, satyn alnan kürsüde,
ýa-da hyýalynda eýeläp tagty,
men diýer ol, ýa diýdirer diňe sen,
ýeriň-gögüň, bar barlygyň diregi,
açlygyndan şahyr bolan obala,
asfalt ýoly arzuw eden ýagyşda,
aýdymçy, sazanda, bokurdak berlen,
iýjek, içjek, döwran sürjek iki gün,
aýak berlen tansçylara, ýaşula,
garny doýman, saç-sakgaly agaran;
el astynda bolsa ýetik guraly,
serişdesi, alar ýaly demlikden,
ili oýnap, beg bolanlar egsikdir,
hemem galar ili bilen kemlikde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024