Ogry we watançylyk
Ogry üçin watan näme, talanar,
mülk alynar talan çagaň köp bolsa,
ýurt içinde, ýurt daşynda ýaşyryn,
ýa-da açyk, ýüňüň ýetse, kök bolsaň,
belli zad-a, berim gökden ýol ýasar,
pullly bolsaň, bolarsyň sen ullakan,
goçak adam, dosty-ýaryň köpeler,
molla-müfti, kazy-kelan, aklawçy,
ýa ýazyjy, žurnalistler, satylan,
iki şaýy üçin geçerler kepil,
gürle onsoň, tanaýany güldürip,
saňa näme iliň ölse sersepil?..