Taryhyny bilseň
Çala taryhyny bilseň, öwrenseň,
ata-baba bir-birini çapanyň,
duşmanyny güldüreniň mydama,
özgeden däl, öz pälinden tapanyň,
daşa gitmän, ýa-da gitse hemişe,
özi bolup öz-özüniň gapany,
geň däl onuň men-menligi bu günki,
geň däl onuň açgözlügi asla-da,
iň esasy beýik boljak pes bolup,
gözden düşjek iki günlük mes bolup,
ata-babasyny tanasaň iliň,
geçen ýolun, ýeňişlerin birleşse,
a soňundan bir-birini ýok eden,
nadan bolsa, okanyna düşünmän,
sorma bu gün nirä gelenni neden.