Adamyň tapawudy
Sen özüni ýykanlardan sapak al,
ýa köp bilip, ýa az bilip, bigäne,
ýa-da bolup ogry-jümri, jan alyp,
ýa başgany ýykanlardan sapak al,
arkadan ýa öňden gelip, al salyp,
ýa-da gapyl galsaň, içiň aldyryp,
gal ýeriňden, galman haraba bolup,
döwük-ýenjik kerpiçleri galdyryp,
agaç-ugaç, şifer böleklerini,
ýeke-ýeke aýyr, elliksiz eliň
gyýym-gyýym edip, agyry, ynjy
ýüregiňi paralasyn, syzlatsyn,
sen sapak al her günüňden, sagatdan,
pyýada bol, atly ýykylsaň atdan,
aç, hor bolsaň, ýa doklukdan gägirseň,
ýa üçekde ýeňlen pişik wägirse,
düşün, ertir has kyn bolar, belki-de,
ýa-da aňsat bolar, geçeňsoň kötel,
uçut ýoly, el-aýagyň döwdürip,
biri bardyr, özi durar aýakda,
beýlekisi durjak bolar öwdürip.