Köpri we daş işik dilemmasy
Sen iliňe tomaşaçy,
serediji bolma daşdan,
ýa içinden, arabasy
guma batan aty bilen,
ýa gyzyl aç, iti bilen,
o birleri ata çykyp,
garny doýsa, gözi doýmaz,
näçe garaş gitmez, goýmaz,
hapa işin, basgylasa,
gul edinse gowşaklary,
ýigrenmegi bilýän diňe,
hem öwrenen ýylgyrmagy,
içden gargap bütin ömri,
bolma ile tomaşaçy,
hem özüňe, serediji,
içerden däl, daşdan mydam,
gal ýeriňden, ezenegiň
özüň çekip eliň bilen,
sen özüňi dikelt ozal,
ýere sokma diliň bilen,
hem garaşma, özüňde ýok,
älemde ýok beýiklige,
özüň günde pese gaçyp,
ýatma naçar, özüň guçup,
özüň sylap ýaşa hem öl,
iň esasy etjek işiň,
gitmezden öň özüňe gel,
biri bolma feýk gülen,
feýk aglan mähelläniň,
feýk pire şägirt bolan,
bilip onuň ähli dälin,
feýk jennet hyýalynda,
geçmejek bol ýaşap ýalan,
köpri bolup biljek wagtyň,
özüň üçin, iliň üçin,
bolma girrik, aty duran,
ýa eşegin urýan ýolda,
gamçy bilen, şaldyr bilen,
ýa-da tapyp ýylgyn çybyk,
bolma özüň özün gyran,
döwýän ogul, gyzyn, belki,
özi döwlüp ýol başynda,
bolma, walla, tomaşaçy,
öz-özüňe eýelik et,
içine gir onuň hökman,
keseki däl, özüň bolup,
öz ömrüňi gazanjak bol,
geçme ondan girmän açyp,
tomaşaçy hem daşynda...