Kişi dramasy
Ruhy hassany, emlägi alnan,
çemçeli däl, çanak bilen ýygnany,
gazap bilen galjak bolup dyzyna,
has bulaşan gözi gapylyp, belki,
aljak bolup giden malyn yzyna,
ýa-da düşen kim-kimleriň alyna,
ýazgarma adamy, azy galansoň,
ýesir bolan ýüpsüz dünýe malyna;
näme eden bolsun ýaşlykda, ozal,
gaçyp bilen bolsa wagtynda çykyp,
garalawçy bolma, bolma aklawçy,
goý, ol bolsun kazy-kelan, islese,
özüni aklasyn, garagasyn kime,
düşünýäň-ä ýagdaýyna indi sen,
hemem diňläp ýitirme hiç wagtyňy,
bolmarsyň-a bolmajaga, bendi sen.