Galyp meselesi
Thinking is difficult, that’s why most people judge. Carl Jung
Gep-gybata gitmezden öň, ozaly
başgalaryň kemçiligin hasaplap,
ýa garyşlap garşyň bilen, öýüňde
ata-baba galan galyba gaplap,
uly bolsa, biraz kiçeltjek bolup,
garalajak bolup ak bolsa aşa,
wagtyňy ýitirmän arryklan ýere,
gara keçe bolman öňýeten şere,
ýatla, seret, geçen ýoluň, ýodaňa,
görendirler, belki, eşekli, atly,
nämeler bar, oýlan, okap biljekmi,
ýazylanda bir gün, daşyňdan, batly?