Surat

Ýeňlen halk

Sözüň azatlygyn inkär eden il,
düşünmedik bolup, bilmedik bolup,
sögmek azatlygyn bagryna basar,
elbetde, içinden, iki-ýekesi,
el ýetmejek ýerde ýerleşse asar,
dilinde agajyn diker-de daryň,
aljak bolup uzak köýdüren aryn.

Sözüň azatlygyn inkär eden il,
geçirimli, kanagatly, köp bilen,
bagra basar müňkürligi, dogany,
ekiztaýy ýaly, sürgünden gelen,
hem tirkeşip geçer galan ömrüne,
ne iline, ne özüne ynanyp.

Sözüň azatlygyn inkär eden il,
hem ýata suw, hem aşagy bulanyk,
gazap bilen ýaşar ezilip, egsik,
ýüregini ýigrenç üçin ulanyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024