Surat

Tomaşa

Gazy gidip, azy galan mähelle,
tomaşaçy bolan mugtuna mydam,
köp bilýärdi, oýny bitdi, gutardy,
başyn aşak egýär iýjekler gutap,
üstesine elin çarpyp ýadaman,
ýalandan ýylgyrýar, ýalandan gülýär,
kim aýdypdyr alla beren ömüri
diňe alla alýar, adamlar ölýär
sanalgysy dolup, jany jesetden
boşan güni ak guş bolup, hamala,
ýalan, adam öz-özüni ýok edýär,
tomaşaçy bolup baksa zamana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024