Milli moda
Mollanepes şahyr öňünden gaçyp,
diýipdir, wah, iki adam uruşsa,
öňünde dur, öter ýaly ýol berme,
hem diýipdir: birisine gep berip,
o birine, eger-eger, al berme?!.
Mollanepes pahyr, bilipdir, belki,
geçenleri, döwürdeşin tanapdyr,
howatyr edipdir yzdan geljekden,
gynanýaryn, şahyr, pendiň alan ýok,
dogulanda, täze dogjak, öljekden.
Sebäbi gep bermek, ýel bermek ýeňil,
gybat etmek adat boldy gün-günden,
adamlar gowyny gözlemeýärler,
gözleýärler agzy hapa, şermende.
Mollanepes pahyr, öňünden gaçyp,
diýipdir, wah, azaşdyrmaň adamy,
emma biz tersine edýäris bolsa,
ýa gepçilik öňden gelýän modamy?