Ezizji we ezilýänler
Ezijiniň ezilýänler içinde
süri-süri goldawçysy, şärigi,
biri açyk, aýan, beýleki busup,
pikir edýär bir gün, ezilip uzak,
çöreklije kürsi alaryn basyp,
ezerin elime galan naçary,
erkekleri gara günli, bialaç,
susar ýaly näçe gelse gahary,
beter bolar, belki, mundanam diýip,
jenaýatçy bir bolmaýar, kän bolýar,
il ýüzüne gowyň donuny geýip,
millet ölýär emel etse özüne,
ýa ýaşajak bolsa bir-birin iýip.