Surat

Ýazýan adam

Seniň eliňdäki galamyň alman,
iki eli bilen basyp üstünden,
ýazjagyňy ýazdyrmaýar hökümet,
ýazjagyny ýazdyrýar ol, özüni
seniň, meniň, onuň üstünde goýup,
hemem aňsat açdyrmaýar gözüňi,
ýa-da diýýär gör sen şuny şeýleräk,
seret muňa, ýok, eýle däl, beýleräk,
şondan, ýazýan adam durup bilmese,
ýazyjy däl, döşi orden, medally,
gurjak bolýar, eger irräk ölmese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024