Surat

Ozal we soň

Ýadyňdamy, kimdiň ozal, obada,
dört klas bilimli ejeň edebin,
terbiýesin, hiç bazarda geçmejek,
dünýäniň iň uly mekdebi saýyp,
doga edip, boýnuňa däl, beýniňe,
ýüregiňe ýüpsüz dakýan mahalyň,
soň şäherde, ýüreginde Ahalyň,
professor, dosentleriň sürüsi,
görkezýänçä nämedigin dünýäniň,
bir, ýeke ýüz bilen ýaşap bolmajak,
ýadyňdamy, kimdiň ozal, ýa doly,
ýaşaýarmyň indi özüňden dänip?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024