Hudaýuran

Educating the mind without educating the heart is no education at all. Aristotle

Ne akyl bar, ne düşünje, ýaradan
gykylyk eçilýär adama saýlap,
betbagt etse, güýmär ýaly özüni,
jaň dakylan ýaly on iki aýlap.

Sowurýar ol garyp-gatyp tapanyn,
bolsa gömjek adam goýman, özün däl,
emma kesbi özgermeýär gapanyň,
sypdyrmaýar, goýbermeýär gara päl.

Eger-de gykylyk, gep bilen gybat,
aýda, ýylda ýaralasa başgany,
awtoryny günde münýär gaňňasyz,
hemem ýeňýär müňläp nökerli hany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024