Hasrat
I always like walking in the rain, so no one can see me crying. Charlie Chaplin
Diýere söz galmady,
gep galmady aýdara,
ýol açylsa, garaşýar
köpler çykyp gaýdara.
Emma onuň göwni bir,
has uludan urmaga,
granitden, mermerden
münber gurýar durmaga.
Käşge biraz uklasaň,
gözüňe çiş kakylman,
ýatdan çyksa bu zatlar,
içiň içe ýykylman.
Emma ýene bolanok,
sebäbi köp göwni bir,
ýa kän beýni ölüpdir,
ýa-da ak boldy kömür?!.