Ogry we şärikleri

Toýumyzy ogurlady hökümet,
ýasymyzy ogurlady hökümet,
agladyk ýat ilde ýeke oturyp,
ogurlady günümizi, aýymyz,
eli ýetse, dogmazdan öň batyryp,
ogurlady ýolumyzy ýörejek,
jaýymyzy alyp, satdy aşakdan,
ogurlady eserimiz dörejek,
ogurlady saýamyzy, ýerimiz,
mülkümizi alyp, bagymyz çapyp,
tomaşaçy ozal, ogry şärigi,
köpelýär gaçjaklar, ýol bolsa tapyp.

Ogurlady ölenimiz, hökümet,
ugradyp bilmedik, baryp bilmedik,
başymyz egmäge garyp mazara,
görmedik hiç dogulany, ogul, gyz,
goýdy talap tükeniksiz azara,
ogurlady asmanymyz, arassa,
aç bolup däl, bolup dermansyz hassa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021