Ynanma

Otdan geçirerler seni,
suwdan geçirerler seni,
gazanyna atyp şeriň,
gaýnadarlar, gowurarlar,
gitjek bolsaň biraz gaty,
ýazýan diýip hakykaty,
ýaramaz ol hökümete,
el-aýagyň daňyp atjak,
soň özüň özüňe satjak,
gaty gymmat, alla, hudaý,
baky galyp gallaç, gedaý,
wah, ýazdym-da, ökünersiň,
nämä gerek, kime derkar,
ömrüň boýy çekinersiň,
agzyň açsaň, uruljak deý,
ýa ýüzüňe duruljak deý,
iki bolup, üç bolup ýa,
ýalançy sen, görip diýip,
ertir, agşam özüň iýip,
ýaşar ýaly gaçyp, tezip,
ýat illerde entäp, gezip,
dogry, biraz unudarsyň,
agyrysyn agyr sözüň,
emma birden görer nadan,
eli ýetse, çekjek gözüň,
zyňar daşdan tapan zadyn,
bilmese-de urup, ýykyp,
garalajak bolar adyň,
şudur seniň ömrüň galan,
ynanma hiç Magtymgula,
bilen bardyr diýse, ýalan!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024