Düýnki gün

Ýap-ýaňy hem kadalydy, çilimkeş,
öýe gelip-gelmän küldan sorardy,
çekýärmi ýa hiç çekmeýär, parhy ýok,
her adamyň iki-üç küldany bardy.

Küldanyň bolmasa, külüni kakyp,
düşegiňi ýakyp gitse ýat, ýakyn,
gürrüň etseň, gürrüňçidiň, gepçidiň,
diýerdiler heleý, ýaşmajyk dakyn.

Ýap-ýaňy hem kadalydy, üýşülse,
içmelidi çekip, yzyny üzmän,
çagalar bar diýseň, gülýärdi millet,
agzyn tapman, burnun çümdürip süzmä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024