Dagarman

Olaryň buýrugy geldi ýokardan,
belki, allaň ýegeninden, oglundan,
şu adamy diýip etmeli gülki,
ozal ile-güne, soň bütin dünýä,
olar işlediler çekinip ilki,
sebäbi adamy öwmeli durman,
görünse-de her gün has beter akmak,
soň işledi olar asla çekinmän,
sebäbi ýaýdanan iýýärdi tokmak,
kowýardylar işden sähel säginseň,
olaryň buýrugy geldi gün-aýdan,
ok yzyna dönmez çykansoň ýaýdan,
ýazyjy, şahyrlar, žurnalist, bagşy,
sazanda, suratkeş işledi durman,
olar ili etmelidi masgara,
maksat jandan ileridi, dagarman!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024