Hile döwleti
Sen döwletden, azanyňky bolanda,
hemeýata, delalata garaşma,
garaşma sen hökümetden hormata,
ýa sylaga, ogurlyga ýatanda,
sorag berme, agyrmasyn kellesi,
düşünmeseň bu talaba özüňden,
düşündirer KGB-niň güllesi,
ýa zäherler dosty-ýaryň, doganyň,
kärdeşleriň ýeterlikdir ýigrenýän,
ýa ýönekeý, işli boljak raýat,
kowulmajak bolup, ýa ösjek biraz,
nämeleri diýmez diý diýse aga,
sen döwletden gowulyga garaşma,
öldürer ol gaçsaň, garyp eneňi,
a ataňy hassa eder dermansyz,
bar arzuwy ölmek ýük bolman ile,
eýgilige garaşma sen döwletden,
döwlet däl-de, bolsa al bilen hile.