Adamyň öji
Adam ogly deňsizligi
kabul edýär bile-göre,
kemsitmäni kabul edýär,
ýylgyrýar ol aglamaly bolanda,
çünki nädip goranjagyn bilmeýär,
ulusy kiçini iýýän milletde,
bilimi ýok, ýa ne bolsa dilinde,
dişinden aňyrda saklaýar gende,
özün jaýlap tä ölýänçä minnetde,
kabul edýär gulçulygy adamlar,
bilmezden däl, bile-göre, sebäbi
ölmezligiň aňsat ýoly kaýyllyk,
namart olam, sagja bolam ynsana,
aman galyp, soňra bir gün, başarsa,
aryn alar ýaly oňatja, belki,
eger ezenlere güýji ýetmese,
ezilen, ejize topulyp ilki.