Könelmeýän adat
Bu bir iki günlük ýalançy diýip,
ýylgyran bolarlar, gülen bolarlar,
hemem aňsat syr bermezler birbada,
salam berseň, hoşwagt alan bolarlar,
okuwlymy, okuwsyzmy, kelteler,
nirde bolsa beýge galan bolarlar,
ýöne iki güni goýaly beýläk,
birinji gün galman öýläne, belki,
doganmy, dost, kärdeşmi ýa pikirdeş,
duz iýişen, iç döküşen kän ilki,
beýlekisi uçjak ýaly asmana,
galyp barýan ýaly ýykylyp, sürşüp,
biri-birin garalarlar,
bu adatdyr, adam bolsaň,
adam däller ar alarlar.