Düşündiriş
Düşünemok diýýär adam gaýtalap,
belki, çyndyr, öň däl, geldi arada,
hemem diýýär etsek hakymyz talap,
gaçar gorkup zalym dara-direde.
Gulaga ýakymly, gowy zat bolsa,
ýöne egilen baş talaba däl-de,
taýaga ýaraşýar ursaň, urmasaň,
aýaga ýaraşýar basgylanan ýer,
hasyl bermez başyn alyp durmasaň.
Ýöne wada berseň, garaşar millet,
näme barmyş munda düşünmez ýaly,
erkekleri ýatyr otuz ýyl bäri,
bilin guşap, ýola çykýar aýaly.
Diýmek, açyk aýdyp gelýär jemagat,
söz bilen däl, işi bilen ýüregin,
gaýyk ýasa, geçirjek bol derýadan,
olar üýşüp, ogurlasyn küregiň.