Hakyň üçin göreşseň
Hakyň üçin, haky üçin göreşseň,
hökümetiň, hanyň çepine düşseň,
gaçar iliň gyrgy gören serçe dek,
wezipeli günüň, gudraty güýçli,
alla ýaly sygynanlar, doganyň,
doganoglan, çykan, daýy, ýegenler,
batyr bolan mydam araga, aşa,
dil uzadar busup ýatan ýerinden,
hakyň üçin, haky üçin göreşseň,
ýaman borsuň, ýaraň ýokar bilene,
gazan borsuň, garaň ýokar gelene,
näçe mümkin bolsa, gaçarlar daşa,
hakyň üçin göreşdiňmi, utanma,
dik tut başyň, uzak ýaşa!