Surat

Hökümet we halk

Hökümeti sylaýarlar adamlar,
sebäbi oň türmesi bar, KGB,
wagşy nökerleri adam öldürýär,
ýykýar öý-ojagyn arassa ynsan,
ili üçin sözün diýjek tapylsa,
hökümdary sylaýarlar adamlar,
a ol azýar millet näçe gapylsa.

Hökümeti sylaýarlar adamlar,
baş egýärler, dyza çöküp, ak sakgal,
gara sakgal, mydar etjek bolýarlar,
tahýa geýip, telpek geýip başyna,
ak köýnekli, emma ýüregi gara,
bakman iliň agysyna, ýaşyna,
garyp ili ezýän kemsidip, basyp,
köşgi-eýwan gurup, bu öňden gelýär,
ýaşaýar özüni asmandan asyp,
ýykylýança bir gün, wagty gelende,
hökümeti sylaýarlar, ýöne soň,
begenýärler başyndaky ölende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024