Döwülen il
Alla diňe öz-özüňe kömek etseň, kömek edýär,
alla diňe özüň bilen ýola gitseň, ýola gidýär,
gitmeýär ol özüň galyp, alla, git-de getir diýseň,
men ýaltanýan, sen ýaltanma, ýetmeýänim ýetir diýseň,
ýa diliňde bir zat bolsa, ýüregiňde başga mydam,
oýun etseň alla bilen, adam bilen, parhy näme,
iller gitse, sen köp bilip, öz-özüňe otur diýseň,
şol arada birine kör, başgasyna gotur diýseň,
alla beýik diýseň dilde, a köňülde özüň beýik,
döwülen el biter, arman, döwülen il tutmaz seýik.