Surat

Adamyň ýagdaýy

Sen adamyň ýagdaýyny bilmersiň,
gowy diýsin, diýsin ýagşy, ganymat,
ýa ýylgyrsyn näçe gowy, owadan,
ýa-da erbet diýsin ýagdaýym, walla,
ol özüni açmaz adama asla,
bir ýerlerde bir zatlary ýaşyrar,
ýa sebäbi, netijäni bulaşdyr,
ýoýar ýaryn hakykatyň, bilse-de,
ýa düşünmez näme peýda, zyýany,
özünden özüni bukar başarsa,
adam näme, açmaz içini alla,
sebäbi açygy alarlar aňsat,
asarlar özüni öz ýüpün sallap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021