Sem edilen ses we bahyllar

O taýda bir halkyň sesi boljagy,
bu taýda bir iliň aýtjagyn haky,
žurnalisti, şahyryny sem edip,
hökümetler höküm sürýär, sebäbi
döwlet adam üçin, eli ýaragly,
satlyk nökerlere aýlyk eçilýän,
iň ýamany ezilýän il, bahylja,
ýylgyrýar basylsa eli galamly,
terrorçydan, deň bolmadyk söweşde,
alla diýen bolup agzyny açsa,
keýpi gowy bolýar ýatanyň turan,
ganyny sarkyryp, ýurdundan gaçsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024