Adamyň bahasy

Adamy sen nirä göter ýa äkit,
ýa-da okat gadym dünýä taryhyn,
müň ýoýulan ýazylýarka, elbetde,
ýa-da öwret dillerini iň ýeser,
iň kän ýurdy basyp alan illeriň,
ol öz päli bilen geler esasan,
ol öz päli bilen galar esasan,
ýalan sözlär öwreneni şol bolsa,
talaň eder öwreneni şol bolsa,
gyrp-çyrp eder iň bolmanda çydaman,
töhmet atar ökde görse özünden,
adamy sen nirä äkit ýa göter,
siňe baksaň, tanap bolar gözünden,
çeker daşdan içde nury bol bolsa,
emma päli ýaman bolsa, parhy ýok,
mantykly, manysyz gürlesin, sussun,
nirde ölsün, bir şaýylyk nyrhy ýok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024