Agyr maslahat
Aýdypdyrlar düýpli geňeş, maslahat,
ýarap durmaz köp adama, berilse,
emma bolgusyzy gepiň, gürrüňiň,
ýa ýeňil maslahat gowy görüler,
gowy görler soň günäkär gözlemek,
tapmak ony ýalňyş ýerden, elbetde,
ýandak ýygsaň, küde galdyrmak üçin,
ilki bilen gowy etmeli petde,
tikenini görüp, çekilmän yza,
agyr maslahaty almadyk soňra,
uzak gitmän çöker dyza.