Akylly halkyň aýdymy
Para ber, para ber, para ber, para,
eger sen bermeseň, girer-de ara,
başga biri berer baryp lomladyp,
puluň bolsa, gijikdirme bir minut,
ýok bolsa-da, hiç wagtyňy ýitirme,
karz-kowal, prosentli, parhy ýok,
al hemem ber, hiç ýaýdanma, çekinme,
tanşyn gözläp, ýa-da gözläp araçy,
hem bereňde beren ýaly ber ony,
artyk bolsun, kem bolmasyn birjik-de,
walla, bermän, kim alypdyr parany?