Ajy hakykat
Adamyň agzyny diňe esgi däl,
aç saklanan bolsa ýeterlik, uzak,
türmede ýa türmä meňzeş ülkede,
dykyp bolar döwüm çörek bilen-de,
ýöne o bolmasa, gaçsa, gutulsa,
sözün diýjek bolsa höçjetlik bilen,
başga oka aldyrmasa, bukulsa,
nadaralyk, töhmet top bolar gowy,
bihaýa bolmasa, utular adam,
näçe aşak ursaň, murtunyň towy
gaçar barar, şundan güýçli şermende,
köp adamly bolar onuň talk showy.