Parahor ýaradan

Yhlas bilen hak-hudaýy çagyryp,
para berip, çukur gazdy jemagat,
gazan ýaly gumda kanal, özüne
duzak boljak, uzak boljak soňundan,
dolanaýyn, yza geleýin diýse,
köp bilýänden bolup, güldi parasyz,
berim bermän ýol aljaga, bihepbe,
karza girip, para berdi ýoksullar,
pikir etmän ömür köýse, ýyl köýse,
il oňlasa, atyňy soý diýleni,
inçe ýoda şa ýoluna öwrüldi,
para berýän köp milletden köp boldy,
hemem görnüşinden, ýüze, müňe däl,
tutuş halka ýetjek çukur gazyldy,
ýanyp duran sakar dowzah mysaly,
çyrasyn gür edip, asfaltlap ýoly,
alkymynda gurup uly derweze,
ýazdylar üç dilde görnükli edip,
para-peşgeş, alym-berim çukury,
gazyşmasaň, borsuň iliň büküri,
sokury bolarsyň, bolsa-da gözüň,
manysyna düşmez gep bilen sözüň!

Yhlas bilen hak-hudaýy çagyryp,
para berip, çukur gazdy jemagat,
gapgardy öz-özün düýpsüz girdaba,
merdiwan ýok indi ondan çykmaga,
ýokardan ýüp sallamasa ýaradan,
emma olam bir zatlara garaşýar,
meger, agzy tagam tapdy paradan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024