Ölüm oýny
Näme bolup geçýär ýurtda, dünýäde,
köp adam bilmeýär, köpüsi bilýär,
bilýän bilmeýäne aýdýar bilýänin,
köp adam düşünýär, köp adam gülýär,
görüp, bilip gutulýany, ölýäni,
ýa-da ölmez-gülmez ýaşap ýöreni,
basym öljek, ýuwaş-ýuwaş, aňsat däl,
ejir çekip, aç-hor, umydy – hudaý,
a käbiri öňe çykyp ýa yzda,
hudaý bolup, alla bolup oýnaýar,
ölenlere öldi diýseň, bolmaýar,
ýa bolmaýar hassa diýseň näsaga,
sebäbi bu syýasata gelmeýär,
bagtyýar bolmaly ýaşaýan, çünki,
şert döretdi soňky gelen öňküden
has gowy, ajaýyp ýaşamak üçin,
öňküde göçmedik bir uçdan göçüp,
ýa o dünýä, ýa-da başga bir ýurda,
näme bolup geçýär, bilýär köp adam,
hem köp adam ölüm bilen oýnaýar,
bu öňräkden belli moda.