Ýürek meselesi

Sen bilýärsiň ýylgyrýanyň barysy,
gülýän ýüzi ýaly gowy däl mydam,
hem agzyna garadasy gelýänler,
sözlän sözi ýaly gowy däl mydam;
düşünýärsiň ähli namaz okaýan
bolup durmaz mydam beýle imanly,
ýöne görmän tanamarsyň ynsany,
ýa tanasaň kelte gaýdarsyň örän,
sebäbi niýetin ýygşyrýan nadan,
bir tarapdan ile gowy görünjek,
beýleki tarapdan hanjaryn urjak,
amatyny peýlär, açmaz kartyny,
hemem çaga ýaly, görnüp dursa-da,
gözün ýumup, gizlän bolar syrtyny,
ýöne bahyllykdan, uzaga gitmän,
ýel berer, pil berer, ýa berer çarşak,
nirede bihaýa, egsigi tapyp,
beýik boljak bolup kösenen ejiz,
ýüregini açar ýüzüni ýapyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024