Dogry goşgy
Aýsyz gije işikdäki
kündügini ýa galoşyn ogurla,
biler iller, ýeter bir gün yzyňdan,
ýa-da tanar galoşyny, bellikli,
ilijek çatylan, aýyrsaň hatda,
geýip barsaň hudaýýola ýa toýa,
adyň bolar küren obaň ogrusy,
emma ýyllap çül-çagasyn işledip,
gazananyn bezenmegi goýaly,
agzyna ýetirme ölmez-ödülik,
tala günüň günortany ýylgyryp,
hem göz edip ýüzük dakyn güjeňläp,
öwür ogurlygy dine, imana,
köşgi-eýwanyna Ahmet Çoluklaň,
ýer ýarylsa, girsem diýsin dogrusy,
dirikäň altyndan heýkeliň dikip,
ölen günüň atam diýip bagyrar,
ýok, isleseň il-günüňe erkinlik,
onuňky däl, öz ýüregiň agyrar.