Düýp syýasat

Döwlet gurmak kesbim diýip,
ýerde dowzah gurýan halka,
näme diýip bolar durup,
öldürmänkä aç ýa urup,
demligiňden alyp mäkäm,
bogup porsy kamerada,
meniň elim, seniň ýakaň,
çünki tabyn etmek üçin,
ezer ýaly soňuna çen,
gerek däl hiç alla, hudaý,
el-aýagyň daňyp ýüpsüz,
öz-özüň etmeli gedaý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024