Surat

Dünýä we sen

Eger-de sen öz dünýäňi,
öz jennetiň döretmeseň,
oturtmasaň öz nahalyň,
öz halaýan sortuň tapyp,
gögertmeseň öz ekiniň,
özüň diläp gökden ýagmyr,
dünýä seni depip, gapyp,
çilim berip bir eliňe,
beýlekiňe arak berip,
mynny-mynny gürrüň berip,
gybat berip tonna-tonna,
aňsadyna bakyp, belki,
öň kommunist, indi hajy,
agalaň dek eder gülki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021