Demir tuty syrylanda
Demir tuty syrylanda ahyry,
biz dünýäni bilmeýärdik, elbetde,
iň esasy bilmeýärdik özümiz,
derdimiz ne, derman näme milletde,
welosiped oýlap tapmaly däldik,
diňe taýyn at-araba atlanyp,
ýüz ugruna çykmalydyk bet pälden,
batgalykdan, daşy demir haýatly,
emma bir-biregi saklajak bolup,
dogan bolsun, ýegen bolsun, parhy ýok,
leňňeç ýaly, tutsak, goýbermeýärdik,
iň esasy kärdeş kärdeşe duşman,
pikirdeşler pikirdeşin satýardy,
demir tuty syrylanda, eý, alla,
indi bilýäs, kimiň açyldy ardy.