Ýitirilen ýüz

Adam utanmaýar, ýüzi
galyň bolýar gitdigiçe,
goý, açylsyn ogurlygy,
ganhorlugy belli bolsun,
ady diňe ýurdunda däl,
tomaşaçy dünýä dolsun,
ýylgyrýar ol ýalan, ýaşryk,
mesele däl talanan il,
özüni özünden ýaşryp,
dowam edýär pyýada, pil,
küşt oýnuny oýnan bilen,
oýnamadyk özi bilsin,
ýurt ärimiş, doýmaz-dolmaz,
şöhrat gerek, ýöne gorky,
açgözlügi edýär heläk,
bilýär birden düşse aşak,
jogap berilmeli ýere,
her soragda batyp dere,
ölmeli bor ölmezden öň,
güni gün däl baksaň siňe,
ýaşan ýaşy ýalan ýaly,
adam utanmaýar, ýüzi
ýaşlygynda galan ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024