Ozalky kommunist
Ozalky kommunist, näme etmedi,
indi hudaý, alla bolupdyr aly,
diýýär hudaý bar-a, özi görýär-ä,
başarsa basgylap erkek, aýaly,
eger güýji ýetse, etmezdi näme,
syzyp çykýar käte içden hyýaly,
iň gowusy diňlemezlik, eý, alla,
gürläp otyr äňi açylan ýaly.