Aşgabat ýatlamasy

Ýer silkindi, çökdi jaýlar,
basdy ýatan ynsanlary.
Kimi öldi, kimi ýatyr,
salyma bagly janlary.

Eger birleri ýetişse,
galdyrsa kesek astyndan,
olar gutuljak hem galjak,
gitjek däl ýeriň kastyndan.

Emma hemme ber-başagaý,
kim-kime ýetişsin, tapsyn.
Biri aglaýar, bagyrýar,
beýlekisi ýatyr tapsyz.

Dogry, eli gan-gabarçak,
kesekleri dörýän-de kän;
Birin çekip çykarýarlar,
üsti-başy gum bilen gan...

Düýnki gözel-gözel jaýlar,
çöküpdir haraba bolup.
Gurmaly bolar olary
galmadyk aşakda ölüp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024