Haýyş
Hudaý, bu millete gurakçylygy,
ýel-harasat, suw joşgunyn iberme,
yrama ýerini, ylgadyp gapa,
iberme hiç çekirtgäni, çybyny,
siňekleri ýygna, çozmasyn hapa,
iberme hiç bela-beter, ýaradan,
synag etjek diýip, barlajak diýip,
belki, özi synag munuň özüne,
ýaşulusy synag, ulalyp asla,
ak girse-de, aň girmedik başyna,
ýaşkiçisi synag, magnit mysaly,
näme ýeňil bolsa, çeker daşyna,
hudaý, bu millete synag iberme,
çünki ýeter, özi awy aşyna.