Surat

Öz öňüne ýykylan adam

Ýoly bilýän-de bolsaň, ýene bir gezek sora. Koreý nakyly

Sistemany çalyşmaly diýýärler,
owadan söz, dogry, ylalaşýaryn,
emma ol sistema içine girip,
adamy we adamlary çalyşýar,
pikir edýän bolsa, köýdürmän aryn,
köpeldýär ol bisowady, nadany,
öz-özüne garşy, nesline garşy,
näme edýär, näme diýýär, bilmeýän,
wagtyn, sagatlaryn sowuryp ýele,
gomalýan bäş manat düşende ele,
dogurýar ol ogry-jümri, ýalançy,
talaňçyny, bolsa gaşyny çytman,
talajagy tä ýumýança gözlerin,
eziz halkym diýip, mähriban diýip,
tapan bolup owadanyn sözleriň,
ynanylýan ýaly, hamala, açyk,
syr däl syry bilinmeýän mysaly,
sistema adamy ýüreksiz edýär,
gowy bolsa, erbet edýär gün-günden,
ýumşak bolsa, gaty edýär ýer ýaly,
hiç bir ekin gögermejek, bitmejek,
basgylanan at aýagy astynda,
suwarylan gany bilen adamyň,
sistemany çalyşmaly diýýärler,
belki, ýurtdan hemme gitmän gitmejek.

Sistemany çalyşmaly diýýärler,
emma ol sistema wagtyn ýitirmän,
adam bolsa, beýnisini çalyşýar,
çalyşýar ýüregin, bagryny, belki,
utanjaň, ýygrany bihaýa edýär,
dogry bolsa, egri edýär güýç bilen,
diýmek, bolan bolup emelsiz, selki,
gözüne güýdüşip, galmaly çetde,
özi ýaly bolmaly oň ýaşasaň,
daşyň, içiň üýtgetmeli, elbetde,
hem özüňi çalyşmaly düýpgöter,
çeýe bolup, gelip özüňe hötde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024