Iň esasy zerurlyk

Ogry bolsaň näme gerek esasy,
elbetde, ýaragly adamlar, süri,
seniň üçin jandan geçýän, jan näme,
atdan, abraýdan geçýän ýaýdanman,
iş-pişesi näme bolsun, aýdaly,
hukuklary, howpsuzlygy goraýan,
mertebesin ýere çalýan iki gün
ortadan ýokary ýaşamak üçin;
a soň gerek san-sanjaksyz kän haly,
düşär ýaly oýunjaga ýüzlerçe,
don-telpekli, bolar-bolmaz tahýaly,
a soň gerek, ejeň örse, alaja,
dünýä gözi degmez ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024