Aglamaly ýagdaý
Adam gülen bolýar, ýylgyran bolýar,
aglamaly sorag berilýän ýogsa,
sen ganhormy diýip soralýar ondan,
gidenleriň adyn tutup birme-bir,
ikiçäk däl, bütin dünýäň öňünde,
boýdan-başa gana çümen, belli zat,
bir özi däl, saýlan ýoly, geçmişi,
dosty-ýary gurujusy dowzahyň,
gözel ýurdy öwrüp durşuna türmä,
emma adam toba gelip bilmeýär,
gözi, göwni dok gelmese jahana,
almaly ol, talamaly ejizi,
arkasyny diräp güýje, goşuna,
beýnisi ýuwulan, eli ýaragly,
mydam taýýar urmak, öldürmek üçin,
adam gülen bolýar, gözünde ody,
ýigrenjin ýygşyryp dogruçyl bendä,
bir gowulyk etjek bolup kösenýän,
eli galam tutan, satylmadyklar,
sen ganhormy diýip soraýar, walla,
soňuna çen gorpa atylmadyklar.