Ogry bolsaň

Näçe uly ogry bolsaň, ildeşler
şonça uly sylag-hormat bildirer,
biri gelip el-aýagyň owkalar,
beýlekisi gyjyklaman güldürer.

Näçe uly ogry bolsaň, keseki
ylgap geler bolsaň edinip hudaý,
näme bolmaz dini-iman pul bolsa,
bol bolanda birden ruhy gedaý.

Diýmek, eliň gelse, ogry bolmaly,
ýöne soňy biraz çatak bu işiň,
halalmyşyn ogurlamak ogrudan,
gerek bolsa döwüp, uşadyp dişin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021