Diýýärdiler
Diýýärdiler ýorularsyň, ýadarsyň,
öz aýagyn götermejek adamy,
egne alyp, dag başyna çykarma,
umyt berme oňa gowy bor diýip,
goý, otursyn ýa-da gyşarsyn, ýatsyn,
göneltmersiň özi bükülen bili,
hem geçeni gowy görýän milleti,
gelejege tarap gitmäge derek,
diýýärdiler ýorularsyň, ýadarsyň,
käte aýdylany diňlemek gerek.