Kynçylyk

Kynçylyk, kynçylyk, ýene kynçylyk,
yşyk görünmeýär ötük soňunda,
görünýär, hökümet gowy işleýär,
höküm etmek üçin entedip ili,
ýüz ýyllap egilen, bükülen bili.

Kesekmi, daş ýa-da ýykylan agaç,
togalanan ýaly el bilen öňe,
durmaly, barmaly, daşy, agajy
eliň bilen aýyrmaly birme-bir,
emma olar birçak bolupdyr demir.

Iki-ýeke synanyşýar, köp adam
ýa sowulyp geçýär, ýitirip wagtyn,
ýa ýitirýär ömürlerin bu oýun,
oýnamaly diýip töwekgel, ýeser,
beýlekiler otyr, dogmadyk eser.

Kömek edeniňden gybat edeniň,
aňsat, belki, biliň, başyň agyrmaz,
ýa gyrgyrsaň, kömek edýänden bolup,
haýbat atsaň, şyltak atsaň, aňsady,
ýöne kynçylygyň gowşamaz bady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024